Makalalar
Dünýäde näçe sany küştçi bar?

Dünýäde näçe sany küştçi bar?

CHESScom
| 131 | Giñdir dünýä geñdir dünýä

"Näçe adamyň küşt oýnaýandygy barada hat-da ýakyn çaklamany hem hiç kim bilmeýär we hiç kim özüni bilýän ýaly alyp barmasyn." -- Edward Winter1

Küşt dünýäde iň meşhur oýundyr?

Hiç kim anyk aýdyp bilmejek bolsa-da küştçiler, Chess.com agzalary, bäsleşikde çykyş edýänler we grandmasterlar barada takmynlar.

Jemi küştçi: 600 000 000

Geçen ýyllarda näçe oýunçynyň küşt oýnandygy barada dowamly gaýtalanýan bu ölçeg 2012-nji ýylda FIDE (Fédération Internationale des Échecs) tarapyndan öňe sürüldi2. Bu maglumatlar YouGov pikir soralşygyndan alyndy.

Beýleki takmynlar milliarda baryp ýetýär, bu takmynlar dilden öwrenilmedir we FIDE-niň ozalky 200-300 million arasy diýýän takmynlaryna esaslanýar3. Hiç kim küştçileriň anyk mukdaryny anyklap bilmese hem küşt geçmişde hem bugün hem dünýädäki iň meşhur oýunlardan biridigi aýdyňdyr.

Chess Players In Central Park | Robert Hess

New-York merkezi parkyny dolduran küştçiler. | Surat: Robert Hess.

Chess.com agzalary: 20 000 000+

Şu ýazgy ýazylýan wagty Chess.com agzalary 20 000 000-dan aşdy. Chess.com agzalarynyň janly sanawy Chess.com Baş sahypasynda hemişe elýeterdir.

Bu agzalaryň bir milliondan artygy günlük esasda aktiwdir. Chess.com iň tanymal (we biziň pikirimiçe iň gowusy!) web saýty we iň tanymal küşt goýmasyna eýe bolsa hem beýleki web saýtlarynda, goýmalarda we tagta başynda küşt oýnaýan başga-da millionlarça küştçi bardyr.

Özüňizi Chess.com-da synamak isleýäňizmi? Bugüniň özünde mugt agzalyga duruň!

20,000,000 members on Chess.com

Bäsleşik küştçileri: 360 000+

FIDE-niň maglumatlar binýadynda 360 000 aktiw bäsleşik oýunçysy bar4. Küştçiler halkara derejesinde bahalandyrylýan wakalarda çykyş edende FIDE bilen registrasiýa edilýär.Beýle wakalar gyzyklanýan ähli küştçilere elýeter bolsa hem diňe iň çynlakaý beýle derejelere çenli gelýär.

185 töweregi döwlet FIDE agzasydyr5. Bu döwletleriň köpüsi hem öz içinde milli derejedäki oýunçylaryň hasabyny ýöredýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylda ABŞ küşt federasiýasy hasaba duran 85 000-den agdyk bäsleşik küştçisi bardygyny beýan etdi6. Bularyň kiçijik bir bölegi FIDE-de halkara derejesinde hasaba duran.

FIDE Chess

Grandmasterlar: 1594 we artmaga dowam edýär

Küştdäki iň ýokary titul FIDE tarapyndan berilýän GM-dyr (Halkara Grandmaster)7. Grandmaster titulyny gazanmak üçin küştçi 3 gezek grandmaster normyny berjaý etmek we 2500 Elo reýtingine ýetmek bilen ýokary derejede durnukly çykyş etmelidir. Bäsleşik küştçileriniň ujypsyz göterimi bu derejä ýetýär.

Bu ýazgy ýazylýan wagty dünýäde 1594 grandmaster bardy. Bularyň 1559-y erkek we 35-i zenandyr. Bu proporsiýa küşt oýnaýan erkek we zenan mukdary bilen gatnaşyklydyr.

Judit Polgar

GM Judit Polgar Halkara Grandmaster titulyny 15 ýaş 4 aý wagty gazandy. Ol wagt ol taryhdaky iň ýaş GM-dy. | Surat: Wikipedia.

Salgylanmalar:

  1. Edward Winter on counting chess players
  2. FIDE press release
  3. David Kaplan, CEO of Development for FIDE
  4. FIDE member list
  5. FIDE
  6. US Chess
  7. Grandmaster
CHESScom agzadan has köp
Naýbaşy 10 küşt duzagy

Naýbaşy 10 küşt duzagy

Onlaýn küşt oýnamak üçin iň gowy ýer

Onlaýn küşt oýnamak üçin iň gowy ýer